Ulanyjy ylalaşygy

Hormatly TM HYZMAT-yň ulanyjylary we telekeçileri.

TM HYZMAT SÖWDEGÄR serwisyň hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen siz baş TM HYZMAT administrasiýasy tarapyndan TM HYZMAT SÖWDEGÄR üçin düzülen ulanyjy ylalaşygyny kabul edýärsiňiz.

Telekeçiler üçin:

- TM HYZMAT SÖWDEGÄR serwisda çap edýän ähli bildirişleriňiz degişli bölümlerde bolmalydyr, ulanyjylar arasynda düşünşmezlikleriň öňüni almak üçin nädogry bölüme bildiriş çap etmek gadagan edilýär.

- Bildirişlerde nädogry maglumatlar, salgylar we telefon belgiler ýazmak gadagan edilýär.

- Hökmany suratda bildirişiňiz güýjüni gaçyran ýagdaýynda ony pozmalydyr.

- Türkmenistanyň kanuny tarapyndan gadagan edilen işler üçin işgär gözlemek gadagan edilýär.

Bildirişiň çap edilmeginde we onuň getirjek ýagdaýlaryna bildirişi çap edýän telekeçi-awtor jogapkärçilik çekýändir.

 

Ulanyjylar üçin:

- TM HYZMAT SÖWDEGÄR serwisda çap edýän ähli bildirişleriňiz degişli bölümlerde bolmalydyr, telekeçiler arasynda düşünşmezlikleriň öňüni almak üçin nädogry bölüme bildiriş çap etmek gadagan edilýär.

- Bildirişlerde nädogry maglumatlar, salgylar we telefon belgiler ýazmak gadagan edilýär.

- Hökmany suratda bildirişiňiz güýjüni gaçyran ýagdaýynda ýa-da siz iş tapan ýagdaýyňyzda ony pozmalydyr.

- Bölümleriň hiç birine degişli bolmadyk bildirişi çap etmek gadagan edilýär.

- Türkmenistanda hereket edýän kanun tarapyndan gadagan edilen haryt/hyzmatlar hakda maglumatlary saklaýan bildirişleri çap etmek gadagan.

- Pornografik harakterli bildirişleri çap etmek gadagan edilýär.

- Bildirişleriň teswirlerinde hapa we paýynç sözleri galdyrmak gadagan edilýär.

Bildirişiň çap edilmeginde we onuň getirjek ýagdaýlaryna bildirişi çap edýän ulanyjy-awtor jogapkärçilik çekýändir.

 

Ähli düzgünleri berjaý edip ýerine ýetirmek biziň we siziň howpsyzlygyňyzdyr!

 

Hormatlamak bilen TM HYZMAT.

 

TM HYZMAT SÖWDEGÄR.

Top